Nikaýa (häzirki «Iznik») geňeşinde tassyklanan Mesihileriň ynamlary
Version for the Orthodox Church
Версия для православной церкви
Biz gögi hem ýeri we ähli görünýän we görünmeýän zatlary ýaradan ýeke-täk Gudratygüýçli Ata Hudaýa iman edýäris.
Biz ebedilik Atadan bolan, Hudaýyň ýeke-täk Ogly Reb Isa Mesihe iman edýäris. Ol Hudaýdan Hudaý, Nurdan Nur, hakyky Hudaýdan hakyky Hudaý, ebedi bar bolan, ýaradylmadyk; Ol aslynda Ata bilen birdir.
Ähli zat Ol arkaly ýaradyldy.
Ol biziň üçin we biziň halas bolmagymyz üçin gökden inip, Mukaddes Ruhyň gudraty we päk gyz Merýemiň üsti bilen adam keşbine girip, ynsan boldy.
Pontiý Pilatyň döwründe, Ol biziň üçin haça çüýlendi, ejir çekip, öldi we jaýlandy. Üçülenji gün Mukaddes Ýazgylara görä direldi. Ol göge çykyp, Atanyň sagynda otyr.
Ol dirileri we ölüleri höküm etmek üçin ýene-de şöhrat bilen gaydyp geler,
patyşalygynyň hem soňy bolmaz.
Biz Atadan gelýän, ýaşaýyş berýän Reb Mukaddes Ruha iman edýäris. Ata we Ogul bilen birlikde, biz Mukaddes Ruha hem sežde edýäris we Ony şöhratlandyrýarys. Ol pygamberleriň üsti bilen gürledi.
Biz bir mukaddes ähliumumy we resullara esaslanan ýygnaga iman edýäris. Biz günäleriň geçilmegi üçin bir çümdürilişi kabul edýäris. Biz ölüleriň direlmegine we geljekki täze dünýädäki ýaşaýyşa garaşýarys. Omyn.
Version for Catholic & Protestant Churches
Версия для католических и протестантских церквей
Biz gögi hem ýeri we ähli görünýän we görünmeýän zatlary ýaradan ýeke-täk Gudratygüýçli Ata Hudaýa iman edýäris.
Biz ebedilik Atadan bolan, Hudaýyň ýeke-täk Ogly Reb Isa Mesihe iman edýäris. Ol Hudaýdan Hudaý, Nurdan Nur, hakyky Hudaýdan hakyky Hudaý, ebedi bar bolan, ýaradylmadyk; Ol aslynda Ata bilen birdir.
Ähli zat Ol arkaly ýaradyldy.
Ol biziň üçin we biziň halas bolmagymyz üçin gökden inip, Mukaddes Ruhyň gudraty we päk gyz Merýemiň üsti bilen adam keşbine girip, ynsan boldy.
Pontiý Pilatyň döwründe, Ol biziň üçin haça çüýlendi, ejir çekip, öldi we jaýlandy. Üçülenji gün Mukaddes Ýazgylara görä direldi. Ol göge çykyp, Atanyň sagynda otyr.
Ol dirileri we ölüleri höküm etmek üçin ýene-de şöhrat bilen gaydyp geler,
patyşalygynyň hem soňy bolmaz.
Biz Atadan we Oguldan gelýän, ýaşaýyş berýän Reb Mukaddes Ruha iman edýäris. Ata we Ogul bilen birlikde, biz Mukaddes Ruha hem sežde edýäris we Ony şöhratlandyrýarys. Ol pygamberleriň üsti bilen gürledi.