Mukaddes Kitap

Bu ýerde siz Mukaddes Kitaby düzýän Töwrat bilen Injil okap bilersiňiz. Ýüklemek üçin saýlan kitabyňyzyň adyna basyň. Töwrat, Zebur, Pygamberler Adam ata, hezreti Nuh, hezreti Ybraýym, hezreti Ýakup, hezreti Ýusup, hezreti Musa, hezreti Ýunus, hezreti Dawut, hezreti Süleýman we beýleki ýene birnäçe pygamberleriň durmuşlary hakda gürrüň berýär.

Injil Isanyň durmuşy, Onuň görkezen gudratlary hakda gürrüň berýär. Hut şu kitapda siz jennet we dowzah, baky ýaşaýyş hem günäden halas bolma ýaly hakykatlary tapyp bilersiňiz.

Mukaddes Kitap bilen tanyş bolmak size uly patalar getirer diýip umyt edýäris.

*** Täze saýta goýulan kitaplar: Resullaryň işleri, Pawlusyň rimlilere haty, Ýakubyň haty hem Ýohanna gelen aýanlyk ***

Täze priloženiýe (app) bar:

https://play.google.com/store/apps/details?id=ibt.org.mukaddeskitap.tk


Şu App içinde türkmen dilinde Mukaddes Kitaby tapyp bilersiňiz. Mukaddes Kitap dört bölümden ybarat:

  • Töwrat
  • Zebur
  • Pygamberler
  • Injil

Töwrat bilen Zebura Köne Äht hem diýilýär. Injile bolsa, başgaça Täze Äht diýilýär. App içinde siz islän kitabyňyzy saýlap bilersiňiz. Şondan soň gerekli baby we aýady saýlamaly.

chorek_web.JPG